Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Ýewropanyň şäherlerine 102 ugry hödürleýär

10:3612.09.2024
0
7229

Türkiýäniň milli howa gatnaw kompaniýasy «Turkish Airlines» Ýewropanyň şäherlerine 102 ugur boýunça uçuşlary hödürleýär. Ýewropanyň bazaryndaky bu düýpli ösüş kompaniýanyň yklymyň iň uly awiakompaniýalarynyň biri hökmünde ornuny berkidýär.

«Turkish Airlines» ýolagçylar üçin Ýewropanyň esasy paýtagtlaryna, meşhur syýahatçylyk ýerlerine we möhüm işewürlik merkezlerine ýol açýar. Uçuşlaryň amala aşyrylýan şäherleriniň hatarynda London, Pariž, Berlin, Rim ýaly megapolisler, şeýle hem Barselona, Amsterdam, Wena hem-de beýlekiler ýaly syýahatçylar üçin kiçi bolmadyk, örän özüne çekiji ýerler bar.

Giň gatnaw ugurlar ulgamy «Turkish Airlines» awiakompaniýasyna ýolagçylara has köp syýahatçylyk mümkinçiliklerini, amatly gatnaw birikmelerini, şeýle hem Aziýa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna uçuşlary amala aşyrmakda Stambul howa menzilini baglanyşdyryjy merkez hökmünde peýdalanmak şertini hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçtasynyň salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň