Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu-dan» täze teklip: skripkanyň owazy astynda fransuz tagamlary

12:2311.09.2024
0
7471

«Dejavu» fransuz aşhanasynyň restoranynda täze aýdym-saz däbi peýda boldy. Indi her penşenbe güni myhmanlar agşamlyk naharynda skripkaçynyň janly çykyşyndan lezzet alyp bilerler.

«Dejavu» restoranynyň müşderileri Pariždäki kafeleriň atmosferasyna aralaşyp bilerler, bu ýerde janly aýdym-saz özboluşly özüne çekijilik döredýär.

«Biz myhmanlarymyzyň diňe bir naharlanmak bilen çäklenmän, olarda ýatdan çykmajak täsiriň galmagyny isleýäris. Janly aýdym-saz aýratyn ruhubelentlik döredýär we agşamy has ýakymly edýär» diýip, «Dejavu» restoranynyň wekili belledi.

«Dejavu» restorany – her bir adamyň özi üçin aýratyn bir zat tapjak ýeridir. Nepis interýer, ünsli işgärler we, elbetde, fransuz aşhanasynyň gaýtalanmajak atmosferasy «Dejavu-ny» şäherdäki iň meşhur restoranlaryň birine öwürýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň