Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda şu güýzde käşir hasylynyň 700 tonnasyny almak meýilleşdirilýär

14:4108.09.2024
0
6280

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlik käşir 40 gektar meýdana ekilip, daýhanlar şol ýerden 700 tonnadan gowrak hasyl almaga garaşýarlar (hasylyň her gektardan azyndan 180 sentner bolan halatynda).
«Türkmenistan: “Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, şeýle möçberde hasyl alynmagy ýerli sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga we önümleriň durnukly bahalaryny saklamaga mümkinçilik berýär.

Däp bolşy ýaly, welaýatda käşir hasylynyň iň köp öndürijileri Akdepe we Boldumsaz etraplarynyň daýhanlarydyr.

Ýerli daýhanlar käşiriň dürli sortlaryny we görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde örän uly tejribe topladylar. Ýöne sary käşir bu ýerde has meşhurdyr. Saýtyň belleýşi ýaly, meşhur daşoguz palawy diňe sary käşir goşulyp tüwiniň ýerli görnüşleri bilen bişirilende, ol üýtgeşik tagam we özboluşly hoşboý ys berip biler.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, şu ýylyň ýazynda Daşoguz welaýatynda 730 gektar meýdana käşir ekilip, ondan daşoguzly daýhanlar tomus aýlarynda 13 müň tonnadan gowrak bol hasyl almagy başardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň