Balkan welaýatynyň iri oba hojalyk merkezi bolan Gyzylarbat etrabynda ýetişdirilýän bakja ekinleriniň bol hasyly terligi bilen alyjylara ýetirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.
Etrap boýunça 2024-nji ýylda iki müňden gowrak gektar bakja meýdanyndan 42 müň tonna hasyl almak bellenildi.
Häzirki wagtda 43 müň tonnadan gowrak hasyl alan daýhanlar gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler.
Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, bu ýyl hem balkanly bakjaçylar süýjülikde şeker-nabatdan süýji, baldan datly gawundyr garpyzyň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeler gazandylar. Şu mahal hem Garagum derýasynyň boýunda keşde kimin çekilen bereketli meýdanlarda zähmet gaýnap-joşýar. Bakjaçylar bu altyn topragyň üýtgeşik, täsin nygmatlary bolan gawun-garpyzlaryň onlarça görnüşiniň hasyllaryny ýygnamakda has-da yhlaslylyk görkezýärler diýlip, habarda bellenilýär