Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda “Daşary ýurt dillerini okatmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly usulyýet maslahaty geçirildi

19:2306.09.2024
0
8399

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmagyň netijeleri boýunça “Daşary ýurt dillerini okatmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly usulyýet maslahaty geçirildi.

Maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Usulyýet maslahatynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda gazanylan netijeler, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek hem-de innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda okatmagyň usullary, Türkmenistanyň hünär bilimi edaralarynda okaýanlaryň daşary ýurt dillerini özleşdiriş derejesini bahalandyrmak, gazanylan netijeler we öňde durýan wezipeler, dürli ugurly ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň, hünär sözleýşini öwretmegiň lingwodidaktik meseleleri we innowasion usullary hakynda çykyşlar diňlendi.

Maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna degişli ýygyndylaryň, goşgular toplumynyň, diller dünýäsine öwrülen institutyň professor-mugallymlarynyň taýýarlan okuw kitaplarynyň, talyp ýaşlaryň bilim, ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda we sportda gazanan üstünlikleriniň we milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.

Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi “Daşary ýurt dillerini okatmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” atly usulyýet maslahatyň maksadalaýyk gurnalmagynda onlaýn hem-de sanly mümkinçilikleri talablaýyk üpjün edilmegine işjeň gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň