Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines»: Stambula we beýleki şäherlere awiapetekleri sargyt etmäge howlugyň

10:3506.09.2024
0
7882

«Skytrax» kompaniýasy tarapyndan 5 ýyldyz bilen bahalandyrylan «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Aşgabatdaky satuw ofisinde güýzki möwsüm üçin awiapetekleri bronlamagyň açylandygyny ýatladýar. Bu teklip awiakompaniýanyň Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 11 uçuşy amala aşyrýandygyny göz öňünde tutsaň, Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin örän oňaýlydyr.

Özüniň döwrebap howa gämiler parky we dünýäniň 300-den gowrak ugry öz içine alýan giň gatnaw ugurlar ulgamy bilen giňden tanalýan «Turkish Airlines» ýolagçylaryň rahatlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Kompaniýa çaga iýmitleri, oýunjaklar we güýmenje oýunlary ýaly mümkinçilikleri ýetirip, çagalary bilen syýahat edýän maşgalalara ýörite hyzmatlary hödürleýär, bu bolsa uçuşyň ähli maşgala agzalary üçin lezzetli bolmagyna ýardam edýär.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisi şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy. Satuw ofisi duşenbe — anna günleri aralygynda sagat 09:00-dan 17:00-a çenli işleýär.

Ýolagçylar ofis bilen askabatbiletsatis@thy.com elektron poçta salgysy arkaly ýa-da (+993 61) 01 44 33 telefon belgisine jaň edip habarlaşyp bilerler. Has giňişleýin maglumatlary we onlaýn bronlamagyň mümkinçiliklerini turkishairlines.com resmi web saýtyndan tapyp bilersiňiz.

Güýz syýahatyňyzy ýokary derejeli hyzmaty we amatlylygy bilen meşhur bolan dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biriniň — «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp meýilleşdiriň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň