Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açylyp ulanmaga berildi

15:0201.09.2024
0
17985

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini dolulygyna üpjün edýär.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar döredilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.

Iş otaglary işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda, kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň