Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe şanly seneler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler guraldy. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň döredijilik toparlary gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen halk tanslarynyň “Altyn garagöz” atly 36-njy Bütindünýä bäsleşigine, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna, Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen ýaş opera aýdymçylarynyň halkara bäsleşigine, Wena şäherinde guralan Bütindünýä orkestr festiwalyna Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşandyklary barada aýdyldy.
Teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň we kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada-da hasabat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeni mirasy giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Bu barada TDH habar berýär.