Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň Aşgabatda geçiren duşuşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Bu barada TDH ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigini hem-de bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.