Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lido adasynda 81-nji Wenesiýa kinofestiwaly başlandy

12:2229.08.2024
0
5454
Lido adasynda 81-nji Wenesiýa kinofestiwaly başlandy
Surat: belta.by

Düýn agşam Wenesiýanyň düzümine girýän Lido adasyndaky «Palazzo del Cinema» zalynda 81-nji Halkara Wenesiýa kinofestiwaly açyldy. Bu barada «VeneziaToday» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.

Kinofestiwal 7-nji sentýabra çenli dowam eder. Eminler toparyna fransuz aktrisasy Izabel Ýupper ýolbaşçylyk edýär. Esasy bäsleşige 21 film girizildi.

Kino şüweleňiniň esasy garaşylýan filmleriniň hatarynda Todd Fillipsiň «Joker» filminiň ikinji bölümi hem bar. Festiwalda häzirki zaman kinosynyň ýyldyzlary Anjelina Joliniň, Bred Pittiň we Jorj Kluniniň surata düşen täze filmleri görkeziler.

Lidoda ilkinji kinofestiwal 1932-nji ýylda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň