Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça sentýabrdaky gatnawlara aksiýa yglan etdi

10:2526.08.2024
0
26430

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy sentýabr aýynda Aşgabatdan Stambula uçýan ýolagçylar üçin ýörite teklip hödürleýändigini mälim edýär. Oňa laýyklykda, kompaniýanyň türkmen paýtagtynda ýerleşýän satuw nokady uly isleg bildirilýän Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnawynyň awiapeteklerini aksiýa bahalary boýunça hödürleýär.

Aksiýanyň şertlerine görä, ekonom-klas gatnawynyň petekleriniň bahalary 524 dollardan, biznes-klas gatnawynyňky bolsa 1250 dollardan başlaýar.

Awiapetekleriň satuwy 31-nji awgusta çenli dowam edýär.

«Turkish Airlines» Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdede 11 uçuşy amala aşyrmak bilen, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda amatly howa aragatnaşygyny üpjün edýär.

Şeýle hem kompaniýa ýolagçylara islendik wagtda we islendik ýerde uçardan orun belläp goýmaga mümkinçilik berýän tölegsiz mobil goşundysyny ýükläp almagy ýatladýar (Google Play we App Store).

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy bina, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň