Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany — fransuz tagamlaryny halaýanlaryň göwün küýsegi

11:2622.08.2024
0
9134

Göwnüňe laýyk, rahat atmosferada datly fransuz tagamlaryndan lezzet almagy halaýanlar üçin «Dejavu» restorany hakyky açyş boldy. Aşgabatda ýerleşýän bu restoran myhmanlaryna özboluşly, gaýtalanmajak gastronomiki täsirleri hödürleýär.

«Dejavu» — bu diňe bir restoran hem bolman, eýsem Fransiýanyň Aşgabatdaky burçuna öwrüldi. Bu ýerde däp bolan fransuz reseptlerine laýyklykda taýýarlanylan nusgawy görnüşli tagamlardan lezzet alyp bilersiňiz. Ýeňil salatlardan we süýji çorbalardan başlap, tagamly steýklere hem-de ýumşak süýjüliklere çenli restoranyň tagamnamasy dürli isleglere laýyk gelýän tagamlary ýetirýär.

«Dejavu» restorany — bu şeýle-de özbaşdak çäreleri guramak üçin ajaýyp ýerdir. Bu ýerde ýakynlaryňyz bilen doglan günleri, ýubileý ýa-da başga bir möhüm çäreleri şatlykly gurşawa beslemek bilen belläp bilersiňiz.

Restoran şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň