Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çagalaryň emedeklemek ýaryşyna çagyrýar

10:2821.08.2024
0
9326

Aşgabatda geçirilýän «KidsExpo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň üçünji gününde guraýjylar myhmanlary adaty bolmadyk çärä — çagalaryň tiz emedeklemek boýunça ýaryşyna gatnaşmaga çagyrýarlar. Bu çäre sergi maksatnamasynyň iň özboluşly wakalarynyň birine öwrüler. Ýaryş çäräniň esasy hemaýatkäri «Ynamdar» marketpleýsi tarapyndan guralýar.

Ýaryşda ýeňiş gazanjak çagalara bolsa öňdebaryjy çaga önümlerini öndürijilerden baýraklar garaşýar.

Çagalaryň emedeklemek ýaryşyndan başga-da, bu ýere gelýän kiçijik myhmanlar animatorlar bilen güýmenje tomaşasyndan, geljekki programmistler üçin ussatlyk sapaklaryndan hem-de döredijilik ussahanalaryndan lezzet alyp bilerler.

Bu interaktiw çäreleriň hemmesi dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden çagalar üçin müňlerçe önümleri hödürleýän serginiň esasy ekspozisiýasyny sazlaşykly üpjün edýär. Bu ýere gelýänler çagalar modasyndaky iň soňky täzeçillikler, oýunjaklar, kämilleşdiriji oýunlar, täze doglan çagalar üçin harytlar, çagalaryň mebelleri, kitaplary we başga-da köp sanly zatlar bilen tanşyp bilerler. Şeýlelik bilen, «Balam» dükanynyň diwarlygynda ene-atalar ep-esli arzanladylan bahalardan «Lego» we «Fisher-Price» gurnalýan oýunjak toplumlary ýaly meşhur oýunjaklaryň köpdürli görnüşlerini taparlar.

Şeýle hem serginiň çäklerinde «Iş Nokady» kompaniýasy Britan Dolandyryş Uniwersitetiniň tanyşdyrylyşyny gurady. Şu mynasybetli uniwersitetiň rektorynyň hut özi Aşgabada gelip, bu ýokary okuw jaýda okamagyň türkmen talyplary üçin peýdaly taraplary barada gürrüň berdi.


«Kids Expo» sergisine Russiýa, ABŞ, Kanada, Germaniýa, Portugaliýa, Italiýa, BAE, Türkiýe, Singapur, Hytaý, Bahreýn, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan, Gazagystan we beýleki ýurtlardan çagalar üçin niýetlenen harytlary we hyzmatlary öndürijiler hem-de üpjün edijiler gatnaşýarlar.

Sergä gatnaşyjylaryň şeýle köpdürlüligi çagalar harytlary pudagynda dünýäniň soňky tendensiýalaryny görkezýän önümleriň giň toplumynyň köpçülige tanyşdyrylmagyny üpjün edýär.

Bu ýere gelýänler diňe bir halkara brendleriň önümleri bilen tanyş bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halaýan önümlerini satyn alyp hem bilerler. Mundan başga-da, çagalary terbiýelemek, olaryň ösüşi we bilim alşy barada bu ugurdan tejribeli bolan hünärmenlerden dürli maslahatlary alarlar.

Sergi-ýarmarkasy «Garagum» myhmanhanasynyň arkasyndaky göçme sergi meýdançasynda 22-nji awgusta çenli dowam eder. Serginiň geçirilýän ýerine 1, 3, 22, 33 we 68 belgili awtobuslar, şeýle hem şahsy ulagyňyz bilen baryp bilersiňiz (awtoulag goýmak üçin duralga göz öňüne tutulandyr).

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgisi: (+993 63) 71 49 83;
  • elektron poçta salgysy: info@turkmenexpo.com;
  • web saýty: kids.turkmenexpo.com.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Aşgabatda Çagalar Sergisi: çagalar üçin iň gowy harytlar bir ýerde ýygnandy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň