Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «Kids Expo» sergisine gelýänler SMS arkaly iň gowy stendleri saýlarlar

11:3320.08.2024
0
8671

Şu günler Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Sergä gelýänler halan stendlerine 0590 gysga belgä stendiň koduny ibermek arkaly ses berip bilerler.

Ses bermek üç görnüş boýunça geçirilýär: iň gowy hyzmat, iň amatly we iň gyzykly, şeýle hem peýdaly stend.

Çäräni guraýjylar sergä gatnaşyjylaryň baha berişine görä, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar. Ses bermek aç-açanlyk ýagdaýynda geçýär: netijeler göni wagtda turkmentv.gov.tm web sahypasynda görkezilýär.

Ses bermek 2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda sagat 09:00-da başlandy we 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna sagat 18:00-a çenli dowam eder. Ses bermäge islendik adam gatnaşyp biler, ýöne bir telefon belgisinden günde diňe bir gezek ses iberilip bilner.

Ýeňiji diýlip saýlanan stend gymmat bahaly baýrak alar, ýagny «Kids Expo 2025» sergisine mugt gatnaşmak mümkinçiligi dörediler we höweslendiji baýraklar gowşurylar.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet sirki, ÝUNISEF, dürli sport federasiýalary, bilim merkezleri we täjirçilik kompaniýalary ýaly ýurduň öňdebaryjy guramalarydyr kärhanalary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň