Top.Mail.Ru

Türkmen žurnalistleri «Serhetsiz Hazar» halkara bäsleşiginde tapawutlandy

15:5920.08.2024
0
8854

Astrahanda geçirilen IX Hazar metbugat forumynyň çäginde «Serhetsiz Hazar» halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine baýrak gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmen žurnalistleri hem birnäçe kategoriýalar boýunça baýraklara mynasyp boldular.

«Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ilaman Çüriýew «FotoHazar» ugry boýunça bäsleşige gatnaşyp, Moskwanyň uly döwlet sirkiniň, Nikulin adyndaky sirkiniň artistleriniň çykyşlary we beýlekiler, şeýle-de Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bilen bagly foto işleriniň toplumy üçin 1-nji orna mynasyp boldy.

130-dan gowrak iş hödürlenen bu bäsleşik «FotoHazar», «Täzeçe garaýyş», «Adam we deňiz», «Hazar ýurtlaryny açmak» we «Hazar deňzi --- saglyk sebiti» ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Eminler esasy baýraklardan başga-da, Gran-pri we ýörite baýraklary hem gowşurdylar.

Şeýle-de CentralAsia.news onlaýn neşirinden Wagif Samedow Türkmenistanda futbolyň ösüşi baradaky materiallary üçin, «Hazar deňzi --- saglyk sebiti» ugry boýunça 2-nji orny eýeledi.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen bagly işleri üçin «Biznes reklama» gazetinden Mätgurban Mätgurbanow eminleriň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň