Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýaşlaryň milli maslahatlary geçiriler

11:1820.08.2024
0
5682
Türkmenistanda ýaşlaryň milli maslahatlary geçiriler
Surat: education.gov.tm

19-njy awgustda Bilim ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahatynyň guramaçylyk meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Daşary işler, Bilim ministrlikleriň, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Duşuşykda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde geçiriljek Ýaşlar maslahatlarynyň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Meýilnamada Daşoguz, Balkan, Mary, Lebap welaýatlarynda we Aşgabatda degişli ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tanyşdyryldy. Şeýle hem ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe we daşky gurşawyň durnuklylygyna ýetirýän täsirleri barada giňden maglumat bermek, bu meseleler boýunça öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň