Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolynyň ýyldyzlary Aşgabatdaky «KidsExpo» sergisinde körpe janköýerler bilen duşuşdylar

18:0919.08.2024
0
10086

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň tejribeli oýunçylary Didar Durdyýew, Elman Tagaýew we Myrat Annaýew Aşgabat şäherinde dowam edýän «KidsExpo» sergisine gatnaşyp, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bu ýerde ýaýbaňlandyran sergi bölüminde çagalar bilen söhbetdeş boldular. Olaryň futbolyň körpe janköýerleri bilen ýadygärlik surata düşmegi we dürli sowgatlary paýlap bermegi geljekki ýyldyzlary begendirdi.

19-njy awgustda başlanan serginiň Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynda geçirilýändigini ýatladýarys. Ozal hem habar berşimiz ýaly, serginiň işine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem gatnaşýar. Federasiýa futbola höwesek çagalary sergäki ýörite bölüme gelip görmäge çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň