Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Putin 18-19-njy awgustda döwlet sapary bilen Azerbaýjana barar

11:0217.08.2024
0
8055
Putin 18-19-njy awgustda döwlet sapary bilen Azerbaýjana barar
Surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 18-19-njy awgustda döwlet sapary bilen Azerbaýjana barar diýip, Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.

«Gepleşikleriň barşynda rus-azerbaýjan gatnaşyklaryny mudan beýläk hem ösdürmegiň, strategik hyzmatdaşlygyň, şeýle-de möhüm halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar» diýlip, habarda aýdylýar.

Saparyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmek, hökümetara we beýleki resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň