Top.Mail.Ru

Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy

14:3114.08.2024
0
6779
Marsyň çuňluklarynda gizlin ummanlar tapyldy
Surat: mir24.tv

Alymlar seýsmiki maglumatlar boýunça Marsyň ýerasty jümmüşini öwrenmek bilen, «Gyzyl planetada» suwly ummanlaryň bardygy hakynda netijä geldiler. Ýöne olar planetanyň tas 20 kilometr çuňlugynda ýerleşýär.

«Insight NASA» gonuş modulyndan alnan maglumatlar suwly magma jynsly çuň gatlagyň bardygyny subut edýär. Gatlak tutuş planetany eýeleýän bolmagy mümkin we onuň galyňlygy 1,5 kilometre ýetip biler. Bu ady agzalan gatlakda ýaşaýyş bolup biler. Emma muny golaý wagtda subut etmek başartmasa gerek. Ummanlar örän çuňda ýerleşýär, ony burawlamak hem-de nusga almak mümkin däl.

Emma muňa garamazdan, bu açyş Marsy öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Ol «Gyzyl planetanyň» geologiki taryhyna oňat düşünmäge kömek edýär diýip, «Proceedings of the National Academy of Sciences» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň