Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept»-e fito diwarlar üçin emeli ösümlikleriň täze kolleksiýasy geldi

14:4013.08.2024
0
10395

«Bossan Concept» dükanlarynda fito diwarlary döretmek üçin niýetlenen harytlaryň täze kolleksiýasy hödürlenýär. Indi dizaýn ideýalaryňyzy durmuşa geçirmek we giňişligiňizi ajaýyp ösümlikler bilen bezemek üçin örän uly mümkinçiligiňiz bar.

Fito diwarlar üçin materiallaryň assortimenti emeli ösümlikleriň we durnuklaşdyrylan mohlaryň birnäçe görnüşi bilen giňeldildi. Bu ýerdäki her bir önüm — janly ösümliklerden düýbünden tapawutlanmaýan ýokary hilli materiallardan peýdalanylyp döredilen sungat eseri.

«Bossan Concept»-iň fito diwarlarynyň artykmaçlyklary:

- uzak möhlete çydamlylygy. Emeli ösümlikler suwarmagy ýa-da döküni talap etmezden, köp ýyllap täzeligini hem-de ýagtylygyny saklaýar.

- howpsuzlygy. Içerde ulanmak üçin niýetlenen bu materiallaryň ýangyna garşylygy ýokary derejededir. Daşary üçin niýetlenen önümler bolsa ultramelewşe şöhlelerine we çyglylyga çydamly.

- köptaraplylygy. Fito diwarlar islendik jaýy bezemek üçin amatlydyr: ofislerden we dükanlardan başlap, restoranlara hem-de ýaşaýyş jaýlaryna çenli.

- özboluşlylygy. Ösümlikleriň we teksturalaryň giň saýlawy interýeriňizi aýdyň görkezjek özboluşly dizaýny döretmäge mümkinçilik berer.

Täze kolleksiýa bilen aşakdaky salgylarda ýerleşýän «Bossan Concept» dükanlaryndan tanşyp bilersiňiz:

  • Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr);
  • Magtymguly şaýoly, «Arkaç» söwda merkezi, 0-njy gat, P-16 dükany.

Telefon belgileri: 41 55 54, 72 60 60. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň