Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept» bugly sowadyjy ulgamy hödürleýär

12:5323.07.2024
0
9242

«Bossan Concept» tomusyň yssy howasyndan baş alyp çykmak üçin ajaýyp çözgüdi — bugly sowadyjy ulgamy hödürleýär. Köplenç «daşarynyň howasyny sowadyjy» diýlip atlandyrylýan bu tehnologiýa açyk ýerlerde howany netijeli sowadýar we çyglandyrýar.

Bu ulgam sowadylýan ýeriň perimetri boýunça gurnalan forsunkalaryň üsti bilen diametri 10 mikrona çenli bolan kiçijik suw bölejiklerini sepmek arkaly işleýär. Ol Gün şöhlesi bilen täsirleşen badyna bugarma ýüze çykýar, bu bolsa daşky gurşawyň temperaturasynyň ep-esli derejede peselmegine getirýär.

«Bossan Concept» dükanynyň wekilleri bu ulgamyň sowatmakdan başga-da birnäçe goşmaça artykmaçlyklarynyň bardygyny belleýärler. Ol ownujak damjalar esasynda suw päsgelçiligini döretmek bilen, uçýan mör-möjeklere garşy göreşmekde hem täsirlidir.

Mundan başga-da, bugly sowadyjy ulgam mebelde we eşikde çygyň yzlaryny goýmazdan, gurşawa özboluşly wizual effekt berýär.

«Bossan Concept» bu ulgamyň beýleki peýdaly artykmaçlyklarynyň hatarynda şulary belleýär:

  • howanyň oňaýly çyglylygyny saklamagy;
  • tozany aýyrmagy;
  • yslary we tüssäni ýok etmegi;
  • wizual effektleri döretmegi.

«Bossan Concept» müşderilere iki dürli ölçegdäki — 20 we 60 metrlik bugly sowadyjy ulgamlaryny hödürleýär. Bu dürli gurşawlar we zerurlyklar üçin iň amatly çözgüdi saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Bu innowasion tehnologiýasy howluly jaýlaryň, açyk kafeleriň, restoranlaryň, söwda merkezleriniň we beýleki açyk köpçülikleýin ýerleriň eýeleri üçin tomsuň yssy günlerinde myhmanlara amatly atmosferany döretmek üçin täsirli çözgüt bolup biler.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr);
  • Magtymguly şaýoly, «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi, 0-njy gat, dükan № P-16;
  • telefon belgileri: 41 55 54, 72 60 60;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň