Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» söwda platformasy garaşaryna töleg meýilnamasyny onlaýn resmileşdirmek mümkinçiligini we baýrakly aksiýa yglan edýär

15:0812.08.2024
0
10875

Türkmenistanda meşhur bolan «Gerekli» söwda platformasy mobil programmasynda täze bir aýratynlygy – garaşaryna töleg meýilnamasyny onlaýn resmileşdirmek mümkinçiligini hödürledi. Indi müşderiler harytlary öýden çykman, garaşaryna satyn alyp bilerler.

Harytlary garasaryna satyn almak has-da yenillesdirildi:

- 1000 manatdan başlaýan bahadan harytlary saýlaň

- «Garaşaryna satyn al» düwmesine basyň

- habarlaşmak üçin maglumatlaryňyzy (F.A.A.a, telefon belgiňiz) giriziň

- pasportyňyzyň JPG, PNG ýa-da PDF görnüşinde suratyny ýükläň

- «Garaşaryna tölegi resmileşdir» düwmesine basyň

Ýüztutma gaýtadan işlenensoň, «Gerekli» söwda platformasynyň menejeri tassyklamak üçin siz bilen habarlaşar. Ýüz tutmak bary-ýogy birnäçe minut wagt alýar.

Mundan başga-da, «Gerekli» sentýabryň ahyryna çenli dowam etjek aksiýanyň başlandygyny habar berdi. 200 manatdan başlaýan bahadan (önümiň bahasy) onlaýn söwda edip, tölegi onlaýn görnüşde geçireniňizde, awtomatiki ýagdaýda baýrakly bäsleşige gatnaşarsyňyz. Baýraklaryň arasynda şular bar:

  1. «Samsung S24» smartfon
  2. «LG» kir ýuwujy maşyn
  3. «LG» telewizor
  4. «Samsung» mikrotolkunly peç
  5. «Samsung» tozan sorujy
  6. «Samsung A05» smartfon
  7. «Samsung A05» smartfon
  8. «Honor X7a Plus» smartfon
  9. «Tecno Spark 20» smartfon
  10. «Tecno Spark 20» smartfon

«Gerekli» – Türkmenistanda öňdebaryjy onlaýn söwda platformasy bolup, elektronikadan we hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşiklere we sport harytlaryna çenli dürli görnüşli önümleri hödürleýär.

Has giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 27 10 15.

Mobil programmany Google Play-den ýa-da App Store-dan ýükläp alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň