Top.Mail.Ru

Türkmenistanly tennisçi Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

14:5112.08.2024
0
10589

Ýaş tennisçi Ilima Guseýnowa nobatdaky halkara üstünligini gazandy. Ol Malaýziýada geçirilen «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp bolmagy başardy.

Heniz has kiçi ýaşly gyzjagazka öz ukyplaryny görkezip, sport ýoluny eýýäm halkara derejeli üstünlikleriň birnäçesi bilen bezän Ilima bu üstünligi jübütleýin ýaryşda gazandy. Ol eýranly Hana Şabanpur bilen bilelikde bir jübüti emele getirdi.

Türkmen we eýran türgenleriniň jübüto ýaryşyň birinji aýlawynda malaýziýaly Adani Ažriden we maldiwlerli Naba Nişandan ybarat bolan jübüti 6:2, 6:3 hasabynda ýeňip, çärýekfinala çykdy. Ýaryşyň bu tapgyrynda bolsa eýranly Romina Rafaiborijeni bilen malaýziýaly Beatrisa Elwina Guseýnowa ― Şabanpur jübütine 0:6, 2:6 hasabynda boýun boldy.

Ildeşimiz eýranly jübüti bilen bilelikde ýarymginalyň ilkinji döwünde Koreýa Respublikasyndan gatnaşan tennisçiler Senhýon Kim bilen Ýerin Limi 6:4 hasabynda ýeňen hem bolsalar, ikinji döwde olardan 1:6 hasabynda asgyn geldiler. Ýeňijini kesgitleýän üçünji döw bolsa biziň ildeşimiziň we jübütiniň 10:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Guseýnowa bilen Şabanpur diňe final duşuşygynda nepally Şiwali Gurung bilen indoneziýaly Saýa Mauladan 3:6, 5:7 hasabynda asgyn geldi.

Malaýziýanyň Negeri-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçirilen we 64 türgeni özünde jemlän ýaryşda Ilima Guseýnowa ýekelikdäki duşuşyklarda hem çärýekfinala çenli ýetip bildi.

Halkara ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowyň ýolbaşçylygynda ýaş tennisçilerimiziň 10-sy gatnaşdy. Ilima Guseýnowadan beýleki tennisçiler hem özlerini ýaryşyň nobatdaky tapgyrlaryna alyp çykan ýeňişleriň birnäçesini gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň