Top.Mail.Ru

10-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:2710.08.2024
0
7711

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy, oktýabr aýynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler, «Galkynyş» at üstündäki oýunlar topary BAE-niň Garaşsyzlyk gününde çykyş eder we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Gazagystan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Serdar Berdimuhamedow Sammitde eden çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryny sebiti daşarky täsirleriň astyna, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmezlige, özbaşdaklygy hem-de ösüş nusgalaryny saýlamak hukugyny gorap saklamaga çagyrdy.

2. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara forum geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryny bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyryp, onuň halkara dialogy üçin ähmiýetine ünsi çekdi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň paýtagtynda duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Döwlet Baştutanlary köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Liderler energetika hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Özbegistana türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny ibermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçiriljekdigi yglan edildi. Duşuşygyň dowamynda Prezidentler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara goldaw esasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara ünsi çekdiler.

5. Gazagystanda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Çäräniň baş maksady ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Forumyň çäklerinde plenar mejlisler geçirildi. Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň wekilleri gazananlaryny, ykdysadyýeti we senagaty ösdürmek boýunça meýilnamalaryny tanyşdyrdylar, şeýle hem bilelikdäki taslamalar üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalary, işewür gatnaşyklary berkitmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen çarçuwaly ylalaşyklary öz içine alýan möhüm resminamalara gol çekildi.

6. Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Birleşen Arap Emirlikleriniň Garaşsyzlygynyň 53 ýyllygyny bellemek dabarasyna gatnaşar. Bu mesele düýn Türkmenistanyň ilçisi Garajaýew bilen BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň baş menejeri Al-Mansuri bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu saparyň ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyna ynam bildirip, Emirlikler tarapy «Galkynyş» topary bilen guramaçylyk meseleleri boýunça işleriň işjeň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Dünýäde

7. Tehas ştatynda «Vulcan 3D» çap enjamy bilen döredilen dünýäniň iň iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşugy tamamlanyp barýar. Ini 14 metre golaý we agramy 4,75 tonna bolan bu äpet enjam Jorjtaun şäheriniň golaýyndaky Wolf Ranch şäherçesinde 100 öý gurýar. Taslama 2022-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy. Jaýlary 3D çap etmek tehnologiýasy: gurluşygyň tizligi, az çykdajylar, gurluşyk meýdançasyndaky işçileriň we gurluşyk galyndylarynyň az bolmagy ýaly birnäçe artykmaçlygy wada berýär. Işläp düzüjiler bu tehnologiýany ulanmak bilen döredilen diwarlaryň çyglylyga, heň kömelegine, termitlere we çylşyrymly howa hadysalaryna garşy ýokary çydamlydygyny öňe sürýärler.

8. San-Paulu şäheriniň golaýynda «Voepass» awiakompaniýasynyň içinde 61 adam bolan ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Ýerli häkimiýetler ýolagçylaryň we ekipažyň agzalarynyň hiç biriniň diri galmandygyny tassyklady. Uçar ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ortasyna düşdi, ýöne ýerde hiç kim ejir çekmedi. Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwa pida bolanlar üçin üç günlük ýas yglan etdi hem-de wepat bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna gynanç bildirdi.

Sport habarlary

9. Türkmenistanly Waletina Meredowa Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşyň saýlama tapgyrynda hakyky olimpiýa ruhuny görkezdi. Indiki tapgyra üstünlikli geçendigine garamazdan, 39 ýaşly türgen ylgawyny tamamlan dessine yzyna öwrülip, şikes alyp, ýere ýykylan günorta sudanly türgene kömek berdi. Bu waka 2-nji awgustda bolup geçdi. Günorta Sudanly Lusiýa Moris ýoluň 70-nji metrinde ýykyldy. Ýaryşy dördünji orunda tamamlan Meredowa bilen altynjy orny eýelän laosly türgen Silina Pha Aphaý şikesli türgeniň ýanyna ylgady. Olar saglyk işgärleri gelýänçä, şikes alan kärdeşine ilkinji ýardamy berdiler. Meredowanyň bu asylly hereketi Amerikanyň «Sports Illustrated» sport žurnalynyň ünsüni çekdi. Neşir bu hereketi Olimpiadada sport ruhunyň hakyky nusgasy diýip belledi.

10. «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edýän Türkmenistan milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew «Muras Ýunaýted» bilen oýunda gol geçirdi (1:1). Duşuşygyň 47-nji minudynda Çaryýew toparyny öňe saýlady. Şeýle-de bolsa, «Abdyş-Ata» jemleýji jürlewük çalynýança üstünçiligini saklap bilmedi – 87-nji minutda Kant şäheriniň toparynyň öňki oýunçysy Ernist Batyrkanow hasaby deňledi.

11. Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäginde Bişkek şäheriniň «Dordoýy» bilen geçirilen oýunda Oş şäheriniň «Alaý» toparynyň düzüminde ilkinji gezek resmi duşuşyga çykdy. Ol duşuşygyň ikinji ýarymynda meýdança çykdy. Duşuşyk golsuz deňme-deň tamamlandy. Öňräk «Alaý» Muhadowyň topar bilen 2024-nji möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşandygyny habar beripdi. Hüjümçi möwsümiň birinji ýarymyny «Abdyş-Atanyň» düzüminde geçirip, dört gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň