Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

18:1509.08.2024
0
12095

Gazagystan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Astanada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara söwdanyň möçberini artdyrmak we ykdysadyýetiň durnukly pudaklarynda, şol sanda senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Sebitara gatnaşyklary giňeltmegiň we medeni-ynsanperwer alyş-çalyş maksatnamalaryny işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellendi. Şeýle hem sebitiň gün tertibindäki beýleki meseleler boýunça pikir alyşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň