Top.Mail.Ru

Teýmur Çaryýewiň goly «Abdyşatanyň» Gyrgyzystanyň çempionatynda nobatdaky utugyny gazanmagyna ýardam etdi

17:3009.08.2024
0
9034

Kant şäheriniň «Abdyşata» futbol topary Gyrgyzystanyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň senesi süýşürilen duşuşygynda «Muras Ýunaýted» bilen deňme-deň oýnady. 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda «Abdyşatanyň» ýeke-täk goluny türkmenistanly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýew geçirdi.

Myhmançylykda çykyş edýän «Abdyş-Ata» 47-nji minutda Teýmur Çaryýewiň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini diňe 87-nji minuta çenli gorap bildi. Şol minutda «Muras Ýunaýted» «Abdyş-Atanyň» ozalky futbolçysy Ernist Batyrkanow bilen hasaby deňledi.

Şeýlelikde, yzda galan 16 duşuşygyň 14-sinde ýeňiş gazanan «Abdyş-Ata» şu möwsümde ilkinji gezek deňme-deň oýnady. Şeýle hem möwsümde toparyň diňe ýekeje utulyşy bar. «Abdyş-Ata» 16 duşuşykda toplan 43 utugy bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 30 utukly «Muras Ýunaýted» bolsa üçünji orunda.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň