Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrligi öri meýdanlarynda ýangynlaryň döremek ähtimallygynyň ýokarlanýandygy barada duýdurýar

10:4408.08.2024
0
11803

Gyzgyn howanyň dowamynda öri meýdanlarynda ýangynlaryň döremek ähtimallygynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi degişli gullugy bolan Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy jogapkärçilikli adamlara we guramalara ýakyn wagtda görülmegi zerur bolan çäreleri ýatladýar.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen habarda şeýle diýilýär:

Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuň­lukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň, suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.

Sürüjiler meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsse çykarýan abzallaryndan guran ot-çöplere uçgunlaryň düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin
meýdanlarda sürülýän awtoulaglar ygtybarly uçgun söndüriş we ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilmelidir.

Mallaryň suwa ýakylýan guýularynyň 500 metr daş-töwereginde ini 3,5 metrden az bolmadyk iki sany araçäkde sürüm işleri geçirilmelidir. Öri meýdanlarynyň, daýhan birleşikleriniň demir ýollaryň ýakalarynda däne ekin meýdanlary ýa-da üzüm agaçlary bar bolan ýerleriniň töwereginde, ini 10 metrden az bolmadyk araçäkde sürüm işleri geçirilmelidir. Demir, gara ýollaryň ýakalaryndaky ýerlerde ýangyna garşy ini 4 metr bolan araçäkler döredilmelidir.

Geologiýa-gözleg ekspedisiýalarynyň meýdanlardaky wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň 30 metre çenli töweregi guran ot-çöplerden arassalanmalydyr, ýangyna garşy ini 4 metrden az bolmadyk zolak çekilmelidir.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarynda, çöllerde, daglarda, tokaýlarda islendik işler geçirilende, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň