Top.Mail.Ru

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi

13:0905.08.2024
0
20710

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girýän Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň täze tertibi çap edildi.

Bu meýilnama Aşgabatdan Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Türkmenbaşy we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlary öz içine alýar. Şeýle hem Daşoguzdan Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat, Türkmenabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenbaşy ýaly yzygiderli gatnawlar ýola goýuldy.

Has giňişleýin maglumatlar awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň