Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Germaniýada çagalar toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda üç sany bürünç medala mynasyp boldy

11:4701.08.2024
0
8285

Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, üç bürünç medala mynasyp boldular.

2024-nji ýylyň 22-26-njy iýuly aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 46-den gowrak döwletinden 200 çemesi futbol topary gatnaşdy. Ýaş derejeleriniň bäşisi boýunça geçirilen halkara ýaryşda «Ýolbars» lakamly «Altyn Täç» futbol toparynyň üç sany topary (2009, 2011 we 2013-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlary) çykyş etdi. Şolaryň ählisi hem halkara ýaryşda bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar.

15 ýaşa çenli (2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda) ýaryşa jemi 12 topar gatnaşdy. Olar öz aralarynda üç toparça bölündiler.

Ilkinji oýundan başlap, «Ýolbarslar» tutanýerli we zehini bilen ajaýyp we mynasyp oýun görkezdiler. Olar toparçalaýyn tapgyrda Hytaýyň we Şwesiýanyň toparlaryny 2-1 hasap bilen ýeňip, Malaziýanyň toparyndan bolsa 3:1 hasap bilen asgyn gelip, toparçada ikinji orny eýelediler.

Topar çärýek finalda albaniýaly futbolçylary 3:0 uly hasap bilen utmagy başardylar. Ýarym finalda bolsa ýene toparçada 3:1 hasap bilen utulan malaziýaly topar bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşykda 1:0 hasaby bilen malaziýaly topar finala çykmaga hukuk gazandylar. «Ýolbarslar» futbol topary bolsa 3-nji orun üçin ýerli topar bolan Germaniýa wekilçilik edýän topary bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyk deňme-deň tamamlandy – 2:2. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Oýundan soňraky 11 metrlik jerime urgulardan bolsa «Ýolbarslar» 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaş derejäniň bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar. «Altyn Täç» toparyň derwezebany Azim Abaýew üç sany 11 metrlik jerime urgularyň ikisini almagy başarandygyny bellemek gerek. Bu ýaş derejäniň çempiony adyna bolsa Malaziýanyň topary bolandygy bellemek gerek.

15 ýaşa çenli (U15) «Altyn Täç» futbol klubynyň “Laola Cup 2024” halkara ýaryşynda geçiren ähli duşuşyklaryň netijeleri:

Toparlaçaýyn tapgyry: “B” toparça

24.07.2024ý., 12:50

“AKSIL” FC (Hytaý Halk Respublikasy) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 1:2

23.07.2024ý., 16:35

“The Global Football Camp Enterprise” (Malaziýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 3:1

24.07.2043ý., 12:50

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “Ölands Komp” (Şwesiýa) – 2:1

“B” toparçadaky jemleýji tablisa: 24.07.2024ý.

Orun

Toparlar (15 ýaşa çenli)

Oýun

Ýeňiş

Deňlik

Utulyş

Toplar

Utuk

1.

“The Global Football Camp Enterprise” (Malaziýa)

3

3

0

0

9-2

9

2.

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan)

3

2

0

1

5-5

6

3.

“Ölands Komp” (Şwesiýa)

3

1

0

2

4-6

3

4.

“AKSIL” FC (Hytaý Halk Respublikasy)

3

0

0

3

4-9

0

Çärýek final duşuşygy: 24.07.2023ý., 15:20

“Akademia Kamza Sport” (Albaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 0:3

Ýarym final: 25.07.2024ý., 12:50

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “The Global Football Camp Enterprise” (Malaziýa) – 0:1

3-nji orun üçin: 25.07.2024ý., 15:20

“SV Rhenania Richterich” (Germaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 2:2 (11m.j.u. 1:2)

13 ýaşa çenli (2011-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda) ýaryşa jemi 7 topar gatnaşdy. Toparlar bir aýlawdan ybarat biri-biri bilen bir gezek duşuşdylar.

«Ýolbarslar» topary alty duşuşygyň üçüsini utup, birini bolsa deňme-deň oýnap, iki duşuşykda bolsa asgyn geldiler.

Şeýlelik bilen, toparçada 6 duşuşykdan jemi 10 utuk toplap, bu ýaş derejäniň bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar.

13 ýaşa çenli (U13) «Altyn Täç» futbol klubynyň “Laola Cup 2024” halkara ýaryşynda geçiren ähli duşuşyklaryň netijeleri:

23.07.2024ý., 12:00

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “1.FC Hellbrook” (Germaniýa) – 4:0

23.07.2024ý., 14:30

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “FTSV Altenwerder” (Germaniýa) – 0:0

24.07.2043ý., 12:50

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “TuS Germania Schnelsen” (Germaniýa) – 2:0

24.07.2043ý., 15:20

“USC PALOMA” (Germaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 7:0

25.07.2043ý., 12:10

“Hammarby IF” (Şwesiýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 1:2

25.07.2043ý., 14:30

“Inter Academy Dubai” (Birleşen Arap Emirlikleri) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 4:0

Toparçadaky jemleýji tablisa: 25.07.2024ý.

Orun

Toparlar (13 ýaşa çenli)

Oýun

Ýeňiş

Deňlik

Utulyş

Toplar

Utuk

1.

“USC PALOMA” (Germaniýa)

6

6

0

0

54-1

18

2.

“Inter Academy Dubai” (Birleşen Arap Emirlikleri)

6

5

0

1

26-4

15

3.

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan)

6

3

1

2

8-12

10

4.

“Hammarby IF” (Şwesiýa)

6

3

0

3

25-8

9

5.

“FTSV Altenwerder” (Germaniýa)

6

2

1

3

6-19

7

6.

“1.FC Hellbrook” (Germaniýa)

6

1

0

5

8-40

3

7.

“TuS Germania Schnelsen”

6

0

0

6

2-45

0

11 ýaşa çenli (2013-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda) ýaryşa jemi 8 topar gatnaşdy.

«Ýolbarslar» toparçalaýyn tapgyrda Kürdüstan sebitiniň (5:3) we Germaniýanyň toparlaryny (5:0) ýeňip, Polşanyň toparyndan bolsa 5:1 hasap bilen asgyn gelip, toparçada ikinji orny eýelediler.

Şeýlelik bilen final tapgyra çykan dört topardan biri boldular. Final tapgyry hem toparçalaýyn tapgyry ýaly aýlaw görnüşinde geçirildi.

Final tapgyryň ilkinji duşuşygy ýerli topar bolan Germaniýa wekilçilik edýän (“Eimsbütteler TV”) topary bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyk deňme-deň tamamlandy – 5:5. Ikinji duşuşygy bolsa ýene toparçada 5:1 hasap bilen asgyn gelen polşaly topar bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşykda 2:1 hasaby bilen polşaly (“SIX Akademia Futbolu”) topar ýeňiş gazandy. Jemleýji soňky duşuşygyny bolsa ýene Germaniýa wekilçilik edýän emma başga topar bilen duşuşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşygyň netijesinde «Ýolbarslar» futbol topary 3:2 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Şeýlelik bilen 3 duşşykdan soňra 4 utuk gazanyp, bu ýaş derejäniň bürünç medalyna eýe bolmagy başardylar.

11 ýaşa çenli (U11) «Altyn Täç» futbol klubynyň “Laola Cup 2024” halkara ýaryşynda geçiren ähli duşuşyklaryň netijeleri:

Toparlaçaýyn tapgyry: “A” toparça

23.07.2024ý., 12:50

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – FFA (Kürdüstan sebiti) – 5:3

23.07.2024ý., 16:40

“1.FC Hellbrook” (Germaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 0:5

24.07.2024ý., 11:10

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “SIX Akademia Futbolu” (Polşa) – 1:5

“A” toparçadaky jemleýji tablisa: 24.07.2024ý.

Orun

Toparlar (11 ýaşa çenli)

Oýun

Ýeňiş

Deňlik

Utulyş

Toplar

Utuk

1.

“SIX Akademia Futbolu” (Polşa)

3

3

0

0

21-2

9

2.

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan)

3

2

0

1

1-11

6

3.

“1.FC Hellbrook” (Germaniýa)

3

1

0

2

6-18

3

4.

FFA (Kürdüstan sebiti)

3

0

0

3

6-16

0

Toparlaçaýyn tapgyry: “A” toparça

23.07.2024ý., 12:50

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – FFA (Kürdüstan sebiti) – 5:3

23.07.2024ý., 16:40

“1.FC Hellbrook” (Germaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 0:5

24.07.2024ý., 11:10

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “SIX Akademia Futbolu” (Polşa) – 1:5

Final tapgyryň duşuşyklary:

24.07.2024ý., 14:30

“Eimsbütteler TV” (Germaniýa) – “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – 5:5

25.07.2024ý., 12:00

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “SIX Akademia Futbolu” (Polşa) – 1:2

25.07.2024ý., 14:30

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) – “Eintracht Norderstedt” (Germaniýa) – 3:2

Final tapgyry: “C” toparçadaky jemleýji tablisa: 25.07.2024ý.

Orun

Toparlar (11 ýaşa çenli)

Oýun

Ýeňiş

Deňlik

Utulyş

Toplar

Utuk

1.

“SIX Akademia Futbolu” (Polşa)

3

3

0

0

9-6

9

2.

“Eimsbütteler TV” (Germaniýa)

3

1

1

1

14-13

4

3.

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan)

3

1

1

1

9-9

4

4.

“Eintracht Norderstedt” (Germaniýa)

3

0

0

3

6-10

0

Türkmenistandan baran toparyň şeýle abraýly ýaryşda öňdäki orunlaryň birini eýelemegi ýurdumyzda futbolyň ösdürilmegine berilýän uly ünsden nyşandyr.

«Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşy «Altyn Täç» futbol kluby üçin geljegi bolan ýetginjekler üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy.

«Janköýer» «Altyn Täç» futbol toparynyň ýaşajyk futbolçylaryny gazanylan bu ajaýyp üstünlik bilen gyzgyn gutlaýar hem-de geljekde has ajaýyp pursatlar arzuw edýär!

Ýene bir belläp geçmeli zat, «Altyn Täç» futbol topary 2024-nji ýylyň 21-25-nji iýuny aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Malýorka şäherinde geçirilen «Mallorca International Football Cup 2024» atly halkara ýaryşyna hem gatnaşypdy. Ol halkara ýaryşyna bolsa, dünýäniň bäş künjeginden 275-den gowrak futbol toparlaryny bir ýere jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň