Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-belarus toparynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça maslahatlaşyldy

09:4801.08.2024
0
10630

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň egindeş başlygy Mämmethan Çakyýew Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskosty bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada ilçihananyň Metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar hökümetara toparynyň indiki mejlisine taýýarlyk görmek boýunça maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler Belarus öndürijileriniň Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny we iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň