Soňky habarlar

Arhiw

Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär

17:3130.07.2024
0
2941
Pezeşkian: Eýran Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär
Surat: isna.ir

Ozal habar berşimiz ýaly, wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýranyň täze saýlanylan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipe girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin, şu gün Tährana bardy.

«Isna» eýran habarlar gullugynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde Eýranyň täze saýlanylan Prezidenti tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda wise-premýer R.Meredow Prezident Masud Pezeşkiana Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýollan salamyny we iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri gazanmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Taraplar gepleşigiň dowamynda geografik taýdan ýakyn iki goňşy döwletiň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşdylar.

Masud Pezeşkianyň belleýşi ýaly, goňşular bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geljekde hem möhüm taslamalar boýunça pikir alşylar.

Habar berilmegine görä, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ýokarlandyrmak boýunça bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň möhümdigine üns çekildi. Mundan başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň