Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:2630.07.2024
0
10861

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň ýolbaşçylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy, Türkmenistanyň daşary işler ministri iş sapary bilen Eýrana ugrady, «Türkmengaz» «ADNOC» we «Hyundai» bilen «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň meselesini ara alyp maslahatlaşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagy boýunça iş maslahatynyň barşynda käbir welaýatlaryň ýolbaşçylaryny täzeledi. Ahal welaýatynyň häkimi Röwşen Hojagulyýew başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ozal Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinde işlän Soltanmyrat Soltanmyradow bellenildi. Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine Döwletgeldi Babaýew bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ýolbaşçysy bolup işleýärdi. Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew hem başga işe geçmegi sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ozal Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işlän Maksat Annanepesow bellenildi.

2. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň täze Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana geldi. Dabara şu gün Eýranyň parlamentinde geçiriler. Meredowyň sapary Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugy esasynda amala aşyrylýar. 26-njy iýulda geçirilen Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýurduň iň ýakyn goňşularynyň we hyzmatdaşlarynyň biridigini we onuň bilen dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady.

3. Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň «ADNOC» we «Hyundai» kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. «ADNOC» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar taslamanyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, we tehniki düzüm böleklerine garadylar, şeýle hem onuň «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellediler. «ADNOC» Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny beýan etdi. Şonuň bilen birlikde, «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Taraplar hukuk taýdan üpjünçiligiň we işiň guramaçylyk meseleleriniň wajypdygyny nygtadylar hem-de taslamany üstünlikli durmuşa geçirek üçin yzygiderli duşuşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewany başga işe geçmegi sebäpli Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine ozal Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesini eýelän Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa bellenildi.

Dünýäde

5. Hytaýda Wu familiýaly bir adam bolup biljek netijeler barada pikirlenmän, ýüzüne gonan ýürege düşgünç siňegi urup, gözüni ýitirdi. Bu wakadan soň Wunyň çep gözünde gyzyllyk we çişmek ýaly meseleler döräp başlady. Lukmanlaryň ilkibaşda kesgitlän möwsümleýin konýunktiwit diagnozy nädogry bolup çykdy. Bellenen bejergi kömek etmedi we näsagyň ýagdaýy beterleşdi. Lukmançylyk edarasyna gaýtadan ýüz tutandan soň, ol adamyň ýüzünde drenaž siňegini öldürip, bakteriýa ýokuşmasyna sebäp bolandygy ýüze çykdy. Bu wagta çenli onuň zeper ýeten gözi görüş ukybyny ýitiripdi we onuň töwereginde ýaralar emele gelipdi.

6. Belgiýanyň milli demirýol kompaniýasy ähli şäherara otlularyny ýörite «sessiz wagonlar» bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu wagonlarda ýolagçylara birnäçe düzgüni berjaý etmek maslahat berilýär: telefonda gürleşmekden saklanmak, gulaklyklary iň pes sesde ulanmak, ykjam enjamlaryň sesini öçürmek we pyşyrdap gürleşmek. Bu tejribe Awstriýa, Polşa, Niderlandlar we Germaniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde eýýäm hereket edýär.

Sport habarlary

7. Parižde geçýän Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga arkalaýyn ýüzmek boýunça saýlama ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistandan 17 ýaşly ýüzüji Aýnura Primowa hem gatnaşdy. Ol öz ýüzüşinde üçünji orny eýeledi, emma bu görkeziji ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. Primowa ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlarynyň iň ýaş gatnaşyjylarynyň biri boldy.

8. Dzýudo ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän 19 ýaşly türgen Maýsa Pardaýewa Parižde geçýän Olimpiýa oýunlaryndaky çykyşyny tamamlady. Türkmen dzýudoçysy 57 kilograma çenli agram derejesinde 1/8 finala çykdy. Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýan türgen birinji tapgyrda hytaýly türgen Kaý Siden üstün çykmagy başardy. Ikinji tapgyrda Pardaýewa has tejribeli dzýudoçy – 2016-njy ýylyň Olimpiýa çempiony we iki gezek dünýä çempiony 32 ýaşly braziliýaly Rafaela Silwa bilen duşuşdy. Tutanýerli göreşe garamazdan, türkmen türgenine öz bäsdeşini ýeňmek başartmady we ol ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň