Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada ýaşy 600 ýyl bolan agaç susak tapyldy

17:0729.07.2024
0
6426
Russiýada ýaşy 600 ýyl bolan agaç susak tapyldy
Surat: mir24.tv

Russiýanyň Rýazan oblastynyň merkezinde arheologlar tarapyndan tutuşlygyna diýen ýaly abat saklanan, XV asyryň birinji ýarymynda ýasalan agaç susak tapyldy. Bu barada ýerli goraghananyň habaryna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Susak Wweden gazuw-agtaryşlary wagtynda pejiň harabalygyndan tapyldy. Aram howa sebäpli, bu ýerde ýokary çygly bolan ýer gatlagy emele gelipdir. Bu bolsa öz nobatynda, agaç, süňk, deri ýaly organiki materiallaryň oňat saklanmagyna sebäp bolupdyr. Galyberse-de, pejiň harabalygy tapyndynyň abat saklanmagyna täsir edipdir.

Gadymyýetde agaç susak suw, piwo, kwas we beýleki içgileri içmek üçin peýdalanylypdyr. Susagyň möçberi uly, onuň hanasy on santimetre deňdir. Elde ýasalyp, onda agaç ussasynyň sünnäli zahmetiniň yzlary hem saklanyp galypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň