Top.Mail.Ru

Alymlar yssy sebäpli ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljak sebitleri agzadylar

15:3330.07.2024
0
14726
Alymlar yssy sebäpli ýaşaýyş üçin ýaramsyz boljak sebitleri agzadylar
Surat: gazeta.ru

ABŞ-nyň Perdýu uniwersitetiniň alymlary ýene birnäçe ýyldan Günbatar Afrika, Günorta Aziýa hem ABŞ-daky Orta Günbatar sebitleriniň howanyň üýtgemegi sebäpli adamyň ýaşamagy üçin howply boljakdygyny kesgitlediler. Bu barada CNN neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Barlag topary Ýerde howanyň üýtgemegi hem-de çakdanaşa yssy akymlary barada maglumatlary peýdalanmak bilen, golaý ýyllarda howanyň sowamagyna garaşyp oturasy iş ýok diýen pikire geldiler. Tersine, howa gitdigiçe gyzyp, ýokary çyglylyk bilen utgaşyklylykda, adamlaryň köp bölegi üçin ýaşamaga agyr we howply şertleri döreder. Gijelerine hem yssy bolar, bu bolsa, adam bedenine gündizki yssydan soňra özüni dürsemäge mümkinçilik bermez.

«Ilatyň çakdanaşa gürlügi hem-de salkyn howa üçin çäkli mümkinçilikleriň bardygy sebäpli, Günbatar Afrika we Günorta Aziýanyň käbir sebitleri iň howply ýagdaýda bolmagynda galýar. ABŞ-nyň käbir bölekleri, Orta Günbatary hem goşmak bilen, çygly yssy zolaklar dörär» diýip, alymlar belleýärler.

Alymlar tehnologiýalara elýeterliligi bolan ösen ýurtlarda yssyny geçirmegiň ýeňil düşjekdigini nygtaýarlar, emma bu-da ýeterlik derejede däldir. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, yssy howa her ýyl dünýäde 489 ölüme sebäp bolýar. Emma howa bilen adamyň saglygynyň arasyndaky baglanyşygyň doly kesgitlenmändigi sebäpli, pidalaryň anyk sanyny bilmek başartmaýar.

Kaliforniýa uniwersitetiniň ýylylyk barlaglary laboratoriýasynyň ýolbaşçysy Bharat Wenkat adam bedeniniň howply şertlerde öz-özüni sowatmaga ýeterlik ukyply däldigini belleýär. Yssy hem-de ýokary çygly howa ilkinji nobatda adamyň ýürek-damar ulgamyna hem-de beýnisine ýaramaz täsir edýär diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň