Wenesuelanyň häzirki Prezidenti Nikolas Maduro geçen ýekşenbede bolan ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada Wenesuelanyň Milli saýlaw geňeşiniň başlygy Elwis Amoroso habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Amoroso VTV teleýaýlymynda çykyşynda saýlawlarda Nikolas Maduronyň sesleriň 51,2 göterimini gazanandygyny aýtdy. Ol şeýle hem Maduronyň esasy garşydaşy we oppozisiýanyň lideri Edmundo Gonsalesiň saýlawlaryň netijesi boýunça ikinji orny alandygyny habar berdi, Gonsales üçin saýlawçylaryň 44,2 göterimi ses berdi.