Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon: Täjigistan BMG-niň dünýädäki ornunyň pugtalanmagy ugrunda çykyş edýär

09:5330.07.2024
0
3768
Emomali Rahmon: Täjigistan BMG-niň dünýädäki ornunyň pugtalanmagy ugrunda çykyş edýär
Surat: mir24.tv

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýan dürli ugurlarda, şol sanda suw we howa babatda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçdi. Taraplar Duşenbe suw prosesiniň mundan beýläk-de ilerledilmegi hem-de 2028-nji ýylda Täjigistanyň paýtagtynda BMG-niň suw gorlary boýunça maslahatyny geçirmek barada pikir alyşdylar.

Mowses Abelýan bu maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly geçiriljekdigine ynam bildirdi. Emomali Rahmon öz gezeginde Täjigistanyň Milletler Bileleşiginiň halkara işlerde ornunyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň tarapdaryny nygtady we guramanyň dünýäde parahatçylygy hem durnuklylygy gorap saklamakda tagallalaryna ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň