Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5629.07.2024
0
11359

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler, türkmen dzýudoçysy Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda çykyş etdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginiň we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şanly senelere taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň barşynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» önümçilik toplumynyň önümleriniň üç sany halkara güwänama mynasyp bolandygy barada aýdyldy.

3. Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. – Arkadag şäheri – ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridir, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleri we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlary öz beýanyny tapmalydyr – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

4. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Mukriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn görnüşde-de, halkara forumlaryň we mejlisleriň çäginde hem iň ýokary derejede aragatnaşyk gurmaga aýratyn üns berdiler.

5. Türkmenistanyň sazandalary Gruziýada geçiriljek altynjy Sinandali festiwalyna gatnaşarlar. Türkmen gatnaşyjylarynyň düzümine Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary, konserwatoriýanyň talyplary girýär. Festiwal 31-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Gruziýanyň Sinandali diýen ýerinde geçiriler.

Dünýäde

6. Moskwanyň Eneligi we çagalygy goramak boýunça oblast merkezinde täsin bir waka boldy: lukmanlar täze doglan gyzjagazyň bedeninden ok çykardylar. Gyzjagazyň ene-atasynyň aýtmaklaryna görä, bu waka pnewmatik ýaragyň seresapsyz ulanylmagy sebäpli bolup geçdi. Kakasy melleginde atyş bilen meşgullanýarka, ok serpigip, tötänleýin göwreli aýalynyň garnyna degdi. Wakanyň bolan wagtynda göwreliligiň möhleti 30 hepdä deňdi. Derrew hünärmenlere ýüz tutup, är-aýal enäniň we çaganyň janyna howp abanmaýandygyny bildiler. Göwreliligi ýatyrmazlyk we tebigy dogluşa garaşmak kararyna gelindi. Okuň içki organlara degmezden, garnyň öňki diwarynyň deri asty dokumalaryna ýapyşyp galandygy ýüze çykdy.

7. Telewizoryň öňünde uzak wagtlap oturmak gözüňiziň, oňurgaňyzyň saglygyna we umumy özüňizi duýuşyňyza ýaramaz täsir edip biler. Görüşiňizi goramak üçin ekran bilen azyndan üç metr aralygy saklamak möhümdir. Otag göze artykmaç agram düşmezligi üçin goşmaça ýagtylyk çeşmesi bilen yşyklandyrylmalydyr. Doly garaňkylykda telewizora tomaşa etmek maslahat berilmeýär. Bedeni dogry saklamak hem möhümdir. Uzak wagtlap oňaýsyz ýagdaýda, egilip oturmak arkanyň we boýnuň agyrmagyna sebäp bolup, görüşiňize ýaramaz täsir edip biler.

Sport habarlary

8. Serdar Azmun resmi taýdan BAE-niň «Şabab Al-Ahli» futbol klubynyň oýunçysy boldy. 29 ýaşly hüjümçi ozal çykyş eden Germaniýanyň Lewerkuzen şäheriniň «Bayer 04» toparyny terk etdi. Bu barada Emirlikleriň futbol klubynyň metbugat gullugy habar berdi. Transfer barada anyk maglumatlar aýan edilmedi, ýöne futbol insaýderi Fabrisio Romanonyň berýan maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy takmynan 5 million ýewro deňdir. Türkmen gelip çykyşly Azmun geçen möwsüm Italýanyň «Roma» klubynda kärendesine çykyş edipdi. Rim şäheriniň klubynda ol 29 oýunda üç gol saldy we dört gol pasyny berdi.

9. Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň Korollyk futbol assosiasiýasynyň direktory Peters Willems bilen duşuşdy. Diplomatik sapar iki ýurduň futbol federasiýalarynyň arasynda resmi gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm ädim boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar futbol pudagynda hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen futbolçylarynyň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen tälimçileriň we hünärmenleriň arasynda alyş-çalyş maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.

10. Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahymow Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etdi. Ol bäsleşigiň ikinji gününde 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Serdar ilkinji tutluşygynda angolaly türgen Edmilson Pedrony ýeňdi. 1/8 final tapgyrynda Rahymow Braziliýanyň wekili Willian Lima bilen duşuşdy we ondan ýeňilip, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.

11. Daniýaly tennisçi Karolina Woznýaski toplan nyşanlarynyň sany bilen ünsi çekdi, şolaryň arasynda Türkmenistanyň baýdagy hem bar. ITF kolleksiýanyň suratyny öz sahypasynda paýlaşdy. Woznýaskiniň özi kolleksiýasyna buýsanýandygyny aýdyp, surata teswir ýazdy. Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşan Woznýaski häzirki wagtda Parižde geçirilýän «Olimpiýada – 2024-de» tennis ýaryşynda çykyş edýär. Ol birinji aýlawy üstünlikli tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň