24-25-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň çäginde ikiçäk we giňeldilen düzümlerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Kabar.kg» habar berýär.
Mejlisde wekiliýetleriň türkmen tarapyna Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow, gyrgyz tarapyna bolsa Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri Bakyt Torobaýew ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar soňky 4 ýylda özara söwda dolanyşygynyň 7 esse artandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygynyň 64 million amerikan dolllaryna deň bolandygy nygtaldy.
Şu nukdaýnazardan, Bakyt Torobaýew bilelikdäki taslamalara amatly şertleri döretmegiň hem-de işewür toparlara goldaw bermek üçin amaly çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Ol söwda infrastrukturasyny we elektron söwda ulgamynda poçta amallaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda baglanyşyk zolagyny açmak meselesine bilelikde garamagy teklip etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň çäginden halkara ýükleri üstaşyr geçirmek üçin gyrgyz ýük daşaýjylaryna tutumlar babatda ýeňillikli nyrhlaryň berilmeginiň, şeýle hem Gyrgyzystanyň sürüjileri üçin wiza düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňelmegine goşant goşjakdygy nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň geografik ýerleşişiniň ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini döredýändigine ünsi çekdiler. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Hytaýdan Türkmenistana ulag geçelgesiniň döredilmegi hem-de ondan aňyrlygynda Hazar deňzine we Russiýa Federasiýasyna ýol açylmagy iki ýurt üçin täze ykdysady mümkinçilikleri açar.
Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň işewür toparlaryny has-da ýakynlaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmek üçin hyzmat etjek taslamalaryň biri hökmünde Türkmenistan — Gyrgyzystan ösüş gaznasyny döretmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Bakyt Torobaýew ýeňil senagatyň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryndan biridigini belläp, bilelikdäki taslamalary kesgitlemek üçin mundan beýläkki ädimleriň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýokary hilli dokma önümlerini Gyrgyzystanyň egin-eşik önümçiliginde ulanmak, oba hojalygynda öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribe alyşmagy dowam etdirmek, şeýle hem maldarçylyk pudagynda bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek teklip edildi.
Mejlisde taraplar Çolpon ata şäherinde Türkmenistanyň şypahanasyny gurmak taslamasyny, gidroelektrik, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ýaly ugurlar bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Öz gezeginde Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky iki halkyň taryhy, medeni, ruhy we dil umumylygyna esaslanýan dost-doganlygyň özara gatnaşyklaryň netijeli ösmegine goşant goşýandygyny belledi. Şunda energetika, ulag, söwda we syýahatçylyk ugurlarynda baý mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisiniň jemleýji Teswirnamasy kabul edildi hem-de 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport etmek bilen baglanyşykly resminamalara gol çekildi.