Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň dzýudo boýunça ýaryşyna bije çekildi. Bijä laýyklykda, türkmen dzýudoçylarynyň garşydaşlary belli boldy.
Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana 2 dzýudoçy wekilçilik edýär. Olar 20 ýaşly Serdar Rahymow (66 kilograma çenli agram dereje) hem-de 19 ýaşly Maýsa Pardaýewadyr (57 kilograma çenli agram dereje).
Bijäniň netijeleri:
Erkekler:
28-nji iýul, 66 kilograma çenli agram dereje
Birinji aýlaw: Serdar Rahymow (Türkmenistan) – Edmilson Pedro (Angola)
Zenanlar:
29-njy iýul, 57 kilograma çenli agram dereje
Birinji aýlaw: Maýsa Pardaýewa (Türkmenistan) – Ki Kaý (HHR)
Ýeri gelende bellesek, Pariž-2024-iň dzýudo ýaryşyna 122 ýurtdan 378 türgen gatnaşýar.