Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýada 2024: Parižde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşlarynyň tertibi

12:0925.07.2024
0
10319

Türkmen türgenleri XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Pariže geldiler. Türkmen wekiliýeti fransuz paýtagtynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Olimpiýa şäherjiginiň onunjy gatynda ýerleşdirildi. Olimpiýa däbine görä, topar milli baýdagyny we "Team Turkmenistan" ýazgyly bannerini penjiresine asdy.

Türkmenistanyň ýygyndy topary dört sport görnüşinde alty türgen bilen çykyş eder: dzýudo, suwda ýüzmek, ýeňil atletika we agyr atletika. Olimpiýadanyň resmi açylyşy 26-njy iýulda bolar.

Türkmen türgenleriniň çykyşlarynyň tertibi:

  • 28-nji iýul, 13:00: Dzýudo (66 kg çenli), 1/32 final – Serdar Rahymow
  • 29-njy iýul, 14:00: Dzýudo (57 kg çenli), 1/32 final – Maýsa Pardaýewa
  • 29-njy iýul, 14:00: Suwda ýüzmek (100 m arkalaýyn), deslapky ýüzüşler – Aýnura Primowa
  • 30-njy iýul, 14:00: Suwda ýüzmek (100 m erkin usul), deslapky ýüzüşler – Musa Žalaýew
  • 2-nji awgust, 13:35: Ýeňil atletika (100 m), deslapky ýüzüşler – Walentina Meredowa
  • 10-njy awgust, 14:30: Agyr atletika (102 kg çenli) – Dawranbek Hasanbaýew

Ähli ýaryşlary Halkara Olimpiýa Komitetiniň web saýtynda görmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň