Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda diplomat türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi şeýle-de GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Olaf Şolsuň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşlikde GFR-iň Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigi, häzirki wagtda iki ýurduň ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn esasda hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerini kanagatlanma bilen aýtdy.
Şeýle hem soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa+Germaniýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýene bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, senagat, oba hojalyk, bank we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlar netijeli gatnaşyklaryň hatarynda görkezildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn belläp, GFR-iň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan uly goşandyny aýratyn belledi.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem birnäçe ýyllaryň dowamynda ýola goýlan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi, iki dostlukly halkyň bähbidine özara Medeniýet günlerini geçirmegiň, muzeý işi babatda tejribe alyşmagyň hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegiň zerurdygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Bernd Haýnsy Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesinde işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, ýola goýlan netijeli döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge tarap alnan ugry dowam etjekdigine ynandyrdy.