Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

05:1125.07.2024
0
5732

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak hem-de açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň