Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi

16:0624.07.2024
0
8300
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Surat: mlyn.by

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro 2027-nji ýyldan başlap, ýurtda öküz uruşdyrmagy gadagan edýän kanuna gol çekdi diýip, TASS habar berdi.

Parlament tarapyndan makullanan kanunda öküz uruşlaryny doly ýatyrmaga çenli üç ýyllyk geçiş möhleti göz öňünde tutulan. Bu wagtyň dowamynda ýurtda hökümetiň haýwanlary goramak üçin bellän şertlerine laýyklykda, öküz uruşlaryny geçirmäge rugsat berler. Geçiş döwri öküz uruşlary ugrunda işleýänlere girdeji almak üçin täze iş tapmaga mümkinçilik berer.

Latyn Amerikasynda öküz uruşdyrmak Wenesuelada, Meksikada, Peruda we Ekwadorda doly ýatyrylan däldir. Kolumbiýada bu garpyşyklary ýatyrmak barada jedelleriň döremegine 2022-nji ýylda tomaşaçylaryň oturan ýeriniň ýykylyp, 300-den gowrak adamyň ejir çekmegi we 4 adamyň pida bolmagy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň