Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» Olimpiada-2024-e gatnaşýan Türkmenistanyň topary üçin ýörite aýakgaplary döretdi

14:3024.07.2024
0
10329

«Röwşen aýakgaplary» türkmen kärhanasy Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurda wekilçilik etjek Türkmenistanyň milli ýygyndy topary üçin özboluşly, ýörite niýetlenen aýakgaplary döretdi.

Täze kolleksiýa hakyky deriden taýýarlanan iki model degişli: türgenleriň dabaralara geýmegi üçin niýetlenip döredilen owadan mokasinler hem-de türgenleşikler üçin köptaraply sport aýakgaplary.

Munuň özi professional türgenler üçin aýakgap döretmekde kärhananyň ilkinji gezekki tejribesi däldir. Mundan öň hem «Röwşen aýakgaplary» «Mary deri-aýakgap» kärhanasy bilen bilelikde geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan türgenler üçin sport aýakgaplaryny taýýar edip, hödürläpdi.

Bu başlangyç bolsa, öz gezeginde, türkmen ýeňil senagatynyň barha ýokarlanýan mümkinçiliklerini we ýerli öndürijileriň milli sporty halkara derejesinde goldamaga giňden isleg bildirýändigini görkezýär. Täze aýakgaplar diňe bir türkmen olimpiýaçylaryna rahatlyk bermän, eýsem Parižde geçjek Olimpiýa oýunlarynda olaryň özboluşly keşbiniň bir bölegine öwrüler diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň