Özbegistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde Ispaniýa bilen bolan oýunda taryhy goluň awtory boldy. Hüjümçi birinji ýaryma emin tarapyndan goşulan 3-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetirip, Özbegistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji goluny öz adyna ýazdyrdy.
Eldor Şomurodowyň urgusy bilen hasaby deňländigine garamazdan, Özbegistan 1:2 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi. Pariž şäherindäki «Park de Prens» stadionynda geçirilen oýunda ispanlaryň düzüminde Mark Pubil we Serhio Gomes tapawutlandylar.
Ýeri gelende bellesek, «С» toparçada Özbegistan bilen Ispaniýadan başga Müsüriň hem-de Dominikan Respublikalarynyň hem ýygyndylary bar. Özbegistan indiki duşuşygynda 27-nji iýulda Müsür bilen güýç synanyşar. Nant şäherinde boljak oýun Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.
Maglumat üçin, Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşy 24-nji iýulda başlanyp, 10-njy awgusta çenli dowam edýär.