Soňky habarlar

Arhiw

25-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:5825.07.2024
0
4924

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze ilçisini kabul etdi, Türkmenistan we Pakistan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň meselelerini maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň Ahal welaýatynda 11 müň tonnadan gowrak bakja ekinleri ýygnaldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde Germaniýanyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigi nygtaldy. Iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

2. Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

3. Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi. Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.

4. Türkmenistanda gawun we garpyz hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär. Ýurduň Ahal welaýatynda eýýäm 11 müň tonna bakja ekini ýygnaldy. Gawun Türkmenistanyň meşhur bakja ekinleriniň biridir. Dünýäde gawunyň 1600-den gowrak görnüş bar, şolaryň 400 töweregi Türkmenistanda ösýär. Möwsümiň dowamynda ýygnalan gawunlar içerki bazara çykarylýar we GDA ýurtlaryna, şol sanda Russiýa eksport edilýär.

5. Hytaýyň Kunmin şäherinde ýetginjekler üçin 8-nji «Guşak we ýol» atly lageriň 2-nji tapgyry we mugallymlar üçin okuw maslahaty geçiriler. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasy tarapyndan guralýan çärä dünýäniň 38 ýurdundan 300-e golaý wekiller gatnaşarlar. Türkmenistana Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurduň welaýatlaryndan bäş okuwçy we iki mugallym wekilçilik ederler. Wekiller halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ylyma we innowasiýalara bolan gyzyklanmany höweslendirmäge gönükdirilen medeni çärelere, öwrediji okuw maslahatlaryna we çekişmelere gatnaşarlar.

Dünýäde

6. Italiýanyň Waldobbýadene şäheriniň 47 ýaşly häkimi Luçano Fregoneze saglygyny berkitmek üçin adaty bolmadyk çäräni başlatdy. Her penşenbe güni ol horlanmak maksady bilen, şäher ilaty üçin toparlaýyn pyýada gezelenç guraýar. Fregoneze agramyny 140 kg-dan 90 kg-a çenli azaltmagy maksat edindi, bu on ýyl mundan ozal onuň häkim bolan wagtyndaky agramydyr. Ol köp wagtyny oturyp geçirýändigi, ýerli aşhanany gowy görýändigi we işleriniň köp bolandygy üçin durnuksyz iýmitlenýändigi sebäpli agramynyň artandygyny boýun alýar.

7. Ýaponiýada 45 ýaşly bir adam 21 ýyl berk tygşytlylykdan soň ir pensiýa çykmagy başardy. Iki onýyllygyň dowamynda ol, takmynan, 86 müň dollar toplap, mundan beýläk işlemekden ýüz öwürdi. Şeýle-de bolsa, maliýe garaşsyzlygyna barýan ýol aňsat däldi we köp pidalary talap edýärdi. Ýyllyk girdejisi, takmynan, 32 müň dollar bolan durnukly we gowy aýlykly işiniň bardygyna garamazdan, ol adam durmuşyny düýpgöter üýtgetdi. Ol korporatiw umumy ýaşaýyş jaýyna göçdi, hojalyk enjamlaryndan ýüz öwürdi we diňe arzan önümleri satyn aldy.

Sport habarlary

8. Oş şäheriniň «Alaý» topary türkmenistanly futbolçy Süleýman Muhadow bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 30 ýaşly hüjümçiniň täze şertnamasy şu möwsümiň soňuna çenli hereket eder. Ozal Muhadow «Abdyş-Ata» toparynda çykyş edipdi. Häzirki wagtda «Alaý» Gyrgyzystan Premýer-Ligasynda 4-nji orny eýeleýär. Toparyň 15 oýunda 26 utugy bar.

9. Özbegistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow Parižde geçirilýän Olimpiadanyň futbol ýaryşynyň çäklerinde Ispaniýa bilen bolan oýunda taryhy goluň awtory boldy. Hüjümçi birinji ýaryma goşulan wagtda penaltini dürs ýerine ýetirdi. Muňa garamazdan, Özbegistanyň milli ýygyndysy 1:2 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi. Özbegistan bilen Ispaniýa «С» toparçada Müsür hem-de Dominikan Respublikasy bilen bilelikde çykyş edýärler. Özbegistanyň milli ýygyndysynyň indiki duşuşygy 27-nji iýulda Nant şäherinde geçirilip, onda Müsür bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň