Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝTÖB Türkmenistana 334 million ýewro töweregi maýa goýdy

16:0023.07.2024
0
8225

Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistana goýan maýasynyň umumy möçberi bu güne çenli 334 million ýewro möçbere ýetdi. Bu serişdeler ýurtda 87 sany dürli taslamany maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Bu barada Türkmenistanyň HHM-niň habarynda aýdylýar.

Maglumatlara görä, ÝTÖB-iň Türkmenistandaky häzirki karz portfeli takmynan 25 million ýewro möçberinde bahalandyrylýar. Bankyň maýa goýum strategiýasy ýurduň çäginde azyndan 18 taslamanyň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

ÝTÖB-iň wekilleri karz portfeliniň esasy üns merkeziniň Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmäge we goldamaga gönükdirilendigini, şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetiň giň pudaklaryny öz içine alýandygyny nygtaýarlar.

Bu maýa goýumlar ÝTÖB-iň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we onuň hususy pudagyny berkitmäge bolan uzak möhletli gyzyklanmasyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň