Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:4423.07.2024
0
9561

Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, lukmançylyk boýunça bilim türkmenistanly talyplar Astrahanda önümçilik tejribeligini tamamladylar, Türkmenistanyň milli ýygyndysy dabaraly ýagdaýda Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna ugradyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, geljek ýylyň bugdaý hasylyny ekmäge taýýarlyk görmegi we gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini aýratyn gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

2. Astrahanda türkmenistanly talyplaryň iki hepdelik önümçilik tejribeligi üstünlikli tamamlandy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň dördünji ýyl talyplary Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň klinikasynda saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça gymmatly tejribe topladylar.

3. Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 8 – 10-njy oktýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek «HORECA Uzbekistan» atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre myhmansöýerlik işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp meýdança bolar. Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär.

4. Türkmenistanly döredijilik işgärleriniň maşgalasy tarapyndan döredilen «Baky diri esgerler» aýdymy Dawid Kriwiskiý adyndaky Halkara kompozitorlar bäsleşiginde ýokary baha mynasyp boldy. Sazyň awtory kompozitor Aýna Şirowa, aýdymyň sözlerini meşhur türkmen şahyry we ýazyjysy Hemra Şirow ýazdy. Bu aýdym şu ýylyň aprel aýynda badalga alan we Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen fleşmobuň ýeňiji aýdymy boldy. Ol dürli ýurtlarda sazandalar tarapyndan tutuş bir aýlap türkmen we rus dillerinde ýerine ýetirildi.

5. Türkmenistanyň talyplar wekiliýeti Kazan şäherinde geçirilen «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar. Iki hepdelik taslamanyň ylym-bilim maksatnamasynyň çäklerinde talyplara 6 ugur boýunça taslamalary taýýarlamakda we tanyşdyrmakda zehinini, bilimini we ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik döredildi. Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan talyplaryň 400-si gatnaşdy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň talyplary hem bar.

Dünýäde

6. Has baý diýlip atlandyrylýan, ýagny 30 million dollardan gowrak baýlygy bolan adamlaryň sany geçen ýylda 8% artdy. Olaryň umumy baýlygy 7% köpelip, 2023-nji ýylda 49 trillion dollara ýetdi. Häzirki wagtda dünýäde baýlygy 30 million dollardan geçýän 426 330 adam bar.

7. Kaliforniýada Disneýlendiň ýolbaşçylary bilen işgärleriniň arasynda çynlakaý dawa ýüze çykýar. 14 000-den gowrak işçä wekilçilik edýän dört sany kärdeşler arkalaşygy iş taşlaýyş geçirmegi goldap, ses berdi. Işgärleriň pikiriçe, nägileligiň esasy sebäbi zähmet şertnamalarynyň adalatsyz şertleri bilen baglydyr. Nägile işçileriň arasynda arassaçylyk işgärleri, attraksionlaryň operatorlary, konditerler we satyjylar bar.

Sport habarlary

8. «Arkadag» toparynyň futbolçylary Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili «AKS Kids Tampa Braşow» klubyndan 3:2 hasabynda üstün çykdylar. Wladimir Baýramowdan tälim alýan toparyň Türkmenistanyň çempionatynyň 16-njy awgustda başlaýan üçünji aýlawyna taýýarlygynyň çäklerinde geçirildi. «Arkadag» toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow tapawutlandylar.

9. Moskwada «Pulse UP Boxing» boks ýaryşy geçirildi. Deslapky kardyň çäklerinde Türkmenistanyň wekili Hursand Imankulyýew russiýaly Wardan Martoýany ýeňdi. Tutluşyk Imankulyýewiň birinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Ýaryşyň esasy tutluşygynda Wladimir Mineýew eminleriň biragyzdan karary bilen Magomed Ismailowdan üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň