Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretarynyň aradan çykmagyna gynanç bildirdi

02:4121.07.2024
0
4563

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguýen Fu Çonguň aradan çykmagy zerarly Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama we ýurduň ähli halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

“Nguýen Fu Çong görnükli partiýa ýolbaşçysy we döwlet işgäri bolmak bilen, Wýetnamyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda uly işleri bitirdi” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň