Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portundan alyp gitdi

12:2619.07.2024
0
15756

«Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň» (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen «Zangilan» tankerine ilkinji ýük Türkmenistanyň Alaja deňiz portunda ýüklenildi.

«nCa» portalynyň habar bermegine görä, «Zangilan» tankeri Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň golaýyndaky Alaja deňiz portundan ýüklenen çig nebiti 17-nji iýulda Azerbaýjanyň Sangaçal deňiz portuna eltdi. «Zangilan» tankeri tarapyndan eltilen nebit Baku — Tbilisi —Jeýhan nebit geçirijisiniň üsti bilen eksporta iberildi.
Ýeri gelende bellesek, uzynlygy 141, ini 16,9 metre deň bolan «Zangilan» tankeri umumy göwrümi 9212 kub metre barabar 6 sisternany öz içine alýar. Gäminiň ýük göterijilik ukyby 7 müň 800 tonna barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň